Durmuşymyza has ornaşýan smartfonlarda daşarky dünýäden maglumat alýan birnäçe datçik bar. Olary sanap geçeliň.
GPS (Global Positioning System), belki, telefonyňyzda iň belli datçikdir. Bu datçik takyk ýerleşýän ýeriňizi bilmek üçin jogapkärdir. Kartalaşdyrýan programmalar we beýleki programmalarda ulanylýar.

GPS nähili işleýär? Telefonyňyzyň içindäki GPS bölümi takyk ýerleşýän ýeriňizi kesgitlemek üçin birnäçe emeli hemradan maglumatlary ulanýar. Şonuň üçin GPS signaly käwagt içerlerde gowşak bolup biler. Smartfonlar häzirki wagtda has takyk ýerleşişi anyklamak üçin GSM stansiýa signalynyň güýji we simsiz ulgamlar bilen birlikde GPS maglumatlaryny ulanýarlar.
Ýene bir iň köp ulanylýan datçikleriň biri Akselerometrdir. Telefonyň haýsy tizlikde hereket edýändigini kesgitleýär. Enjamy islendik tarapa süýşürseňiz, bu datçigiň şkalasy egri çyzyklary görkezer; dursaň – özi gelýär. Şol bir datçigiň özi enjamyň duran ýeriňizden üç ok bilen (demirgazyk-günorta, günbatar-gündogar, ýokary-pes) ýagdaýyny kesgitlemek üçin hem ulanylýar.

Smartfondaky programmalar, bu datçigiň anyklan maglumatlaryndan telefonyň ýagdaýyny kesgitlemek üçin ulanýarlar. Ekranyň yokara garadylanmy ýa-da ýan tarapa smartfon dik durmy ýa-da gapdal we ş.m. Akselerometr ýer çekimi güýjüne görä hereketi kesgitleýär. Islendik hereketi gaty gowy anyklar, emma telefonyňyzyň takyk ýerini bilmekde kän anyk bilmez.
Gyroskop hem smartfonyň duran ýerini kesgitleýän datçikdir, ýöne ony gaty takyklyk bilen ölçär. Bu datçigiň kömegi bilen kameranyň Android Photo Sphere funksiýasy telefonyň haýsy tarapa we haýsy burçda egilendigini kesgitleýär. Sky Map Google hem bu datçik maglumatlaryny ulanýar.

Gadjetleriň köpüsinde bar bolan başga bir datçik magnitometrdir. Adyndan görnüşi ýaly, magnit meýdanlaryny kesgitlemäge hyzmat edýär. Magnitometr, planetanyň demirgazyk polýusyny görkezmek üçin kompas ulanýan datçiklerden biridir. Metaly tapmak üçin döredilen programmalar bu datçik hyzmatyny hem ulanýarlar.

Ýakynlyk datçigi infragyzyl LED we IR detektoryndan durýar. Telefon söhbetdeşliginde ses gelyan bolümüň ýanynda bolmagy tötänden däldir. Smartfonyňyzy gulagyňyza ýakynlaşdyrsaňyz, ulgam bu datçigiň üsti bilen gürleşmek isleýändigiňizi anyklaýar we ekranyň çyrasyny öçürýär.

Bu datçik adam gözüne görünmeýän infragyzyl ýagtylyga esaslanýar: IR detektoryndan çykan ýagtylyk öňündäki bir zada degse ony kesgitleýär.
Ýagtylyk datçigi telefonyň daş-töwereginiň näderejede ýagtydygyny kesgitleýär. Ulgamdaky programma üpjünçiligi bu maglumatlary ekranyň ýagtylygyny awtomatiki sazlamak üçin ulanýar. Ýagny daşky gurşaw näçe ýagty bolsa, şonça-da ýagtaldýar we garaňkyda ekranyň ýagtylygy peselýär.

Ýokary derejeli smartfonlarda Barometr – atmosfera basyşyny ölçeýän datçigi hem bolar. Ony ulanmak bilen alnan maglumatlar deňiz derejesinden näderejede ýokarydygyňyzy kesgitlemek üçin ulanylýar bu bolsa GPS maglumatlaryny has takyk bolmagyna getirer.

Käbir smartfonlarfa daşky gurşawyň temperaturasyny ölçän termometr bolup biler. Umuman aýdanyňda hemme smartfonda termometr bar, käbirlerinde hatda birden köp. Tapawut, köplenç enjamyň içindäki we batareýadaky temperaturany ölçemek üçin niýetlenen. Içinde gyzgynlyk bar bolsa, zeper ýetmeginiň öňüni almak üçin ulgam awtomatiki usulda ýapylýar.
Şagometr bolsa ulanyjynyň ädimlerini görkezýär. Şeýle maglumatlar adatça köp enjamda akselerometr ulanylyp alynýar, ýöne ýörite Şagometr has takyk we anyk ädimleri ölçeýär.
Saglyk bilen baglanyşykly başga bir sensor ýürek urşy monitorydyr. Üns beren bolsaňyz, impulsy ölçemek üçin niýetlenendir we barmakdaky kiçijik gan damarlarynyň impulsyny barlamak esasynda işleýär.

Barmak yzy skaneri Enjamyň ekranyny açmak üçin ulanylýan gorag datçigidir Barmak yz skanerleriniň esasy üç görnüşi bar, optiki, capacitive we ultrasonik.
Optiki skaner aslynda kameradyr, barmagyňyzy skanirlemek üçin ýagtylygy ulanýar.
Capacitive skaner barmagyňyzy skanirlemek üçin elektron kondensatorlary ulanýar. Köp ýerde duş gelýän meselem Liftlerde düwmelerde basman sähel değinmek bilen işleýär şol bir tehnologiýadyr.
Iň ygtybarly barmak yzy skaneri Ultrasonik ses datçikleridir Bu datçik barmagyňyzdaky yzlary ýüze çykarmak üçin ses tolkunlaryny ulanýar. Bulary aldamak gaty kyn, ultrasonik skaner köplenç ýokary derejeli smartfonlarda bolýar.

Ekran içi ýa-da ekranyň asty barmak yz skanerlerinde optiki ýa-da ultrasonik datçikleri ulanylýar. Smartfon satyn aljak bolsaňyz, muňa üns bermek peýdalydyr.
Infragyzyl datçik Smartfonyňyzyň ekran goragy üçin barmak yzy datçigi bilen birlikde, ýüz tanamak üçin infragyzyl datçik bolýar. Bu, iPhone -yň Face ID üçin ulanýan datçigidir.
Infragyzyl datçik ýüzüňizi 3D kartalaşdyrmak üçin infragyzyl şöhläni ulanýar. Ýüz tanymakda Infragyzyl yşyk gaty möhümdir, sebäbi adaty kameradan tapawutlylykda ähli yşyklandyryş şertlerinde işleýär.

Her gezek telefonyňyzy açjak bolanyňyzda, datçik ýüzüňizi gözden geçirýär we ony siziň bilýän suratlaryňyz bilen deňeşdirýär. Gabat gelýän bolsa, datçik telefon gulpyny açar. Aslynda bu köne tehnologiýa, emma häzirem iň peýdaly datçiklerdendir.
Mikrofonlar we kameralary goşsak, sanawymyzdaky datçikleriň sany 14-e ýeter! Bular smartfonlaryň daşky gurşawdan ýeterlik maglumat ýygnamak üçin hyzmat edýän gurallarydyr. Gadjetleriň her ýyl dürli täze aýratynlyklar bilen baýlaşdyrylýandygyny göz öňünde tutsak, bu sanaw geljekde köpeljekdir.
