Ukraina harby operasiýa başlandan soň uly kompaniýalaryň köpüsi Russiýany terk edýär. Olardan biri, Google birnäçe hyzmatyny ulanmagyny, hususan-da, Google Play Store-daky programmalary satyn almak we töleg hyzmatyny durdurdu. Russiýanyň TASS neşri ýurduň “Play Store” analogy, NashStore atly Android programmalar dükany Digital Platforms tarapyndan işe giriziljekdigini habar berdi.
Gynansakda Rossiyalylar programmalary satyn almak we tölegler üçin Google Play-den peýdalanyp bilmeýärler we işläp düzüjiler girdeji çeşmelerini ýitirdiler. Şonuň üçin Russiýanyň NashStore programma dükanyny döretdik-diýýär taslama direktory Wladimir Zikow.
Zikow, NashStore ulanyjylara abunalyklary ýükläp almaga, gurnamaga, täzelemäge we tölemäge mümkinçilik berýändigini, Russiýanyň, EOII ýurtlarynda hiç hili çäklendirmesiz işleýändigini aýtdy. Häzirki wagtda 700-den gowrak kompaniýa programma dükany döretmek ugrunda işleýär, we ol 9-njy maýda çykarylmagy meýilleşdirilýär.
