«Motorola» kompaniýasy adaty bolmadyk smartfon bilezigi üçin ýörite gaýyş bagyny taýýarlady. Bu barada «sondakika.com» internet neşirinde habar berildi.
Ýadyňyzda bolsa, «Motorola» kompaniýasy eliňi gurşap alýan we uly sagada öwrülýän adaty bolmadyk smartfon bilezigini şu ýylyň fewral aýynda Barselonada geçirelen «MWC 2024» sergisinde görkezipdi. Ýaňy-ýakynda bolsa, kompaniýa bu täze önümi üçin ýörite gaýyş bagyny hem taýýarlady.
Doly tekiz ýagdaýda goýlanda enjamyň pOLED-displeýiniň diagonaly 6,9 dýuým, eplenen görnüşinde bolsa onuň işleýän ýarysy 4,6 dýuým bolmagynda galýar. Bu ýagdaýda smartfon wideojaňlary kabul etmek, özüňi surata düşürmek ýa-da dik görnüşindäki wideolary görmek üçin ulanylyp bilner.
Öndüriji kompaniýa tehnologiýanyň arka panelini ýumşak mata bilen örtdi we akylly bilezik hökmünde ulanmak üçin markaly gaýyşa magnit birikdirmesini ornaşdyrdy. Bu nusga tehnologiýanyň ilkinji görnüşi bolup, geljekde has-da ösdüriler we kämilleşdiriler.


