Bir wagtlar durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolan, ýöne indi ulanylmaýan 5 tehnologiki önümler.

1.Kassetalar we Magnitofonlar

CD we MP3 pleýerlerden öň kassetalar bardy. Ilkinji gezek 1963-nji ýylda Philips tarapyndan hödürlenen kaset lentalary, 2010-njy ýyllaryň başyna çenli henizem durmuşymyzda bardy. Indi nostalgiýa söýüjileriniň muny ulanýandyklaryny seýrek görsek-de, olar uzak wagtlap durmuşymyzdan aýryldy.

Aýlap jaň edilýän telefonlar(Раскладные телефоны)

Gyssagly ýagdaý ýüze çykanda. Telefon belgisini aýlaýançaňyz jaň edip düşýäçä, iş işden geçerdi. Elektronik öý telefonlary mobil smartfonlar çykansoň bu telefonlar indi geçmişe öwrüldi.

Wideo plaýer we wideo kassetalar

80-nji ýyllaryň ahyrynda öý wideosy üçin VHS kaset lentalary iň meşhur standart boldy. Maşgala wideolaryny ýazga almak üçin ulanylýardy ýa-da iň soňky blokbasteri görmek üçin ýerli wideo dükanyna prokada alnanda-da, plastmassa gabynda magnit lentanyň kiçijik rulonlary öýe şatlyk getirerdi. DVD-niň ösmegi wideo kassetalar ýuwaş dan ýitmäge başlady we 2008-nji ýyla çenli wideo kassetalar ýerine DVD-diskler wideolary ýazga almak we film paýlamak üçin wideo tehnologiýasy hökmünde çalşyldy.

Wakum turba monitorlar telewizorlar

Wakumly monitorlar LCD ekranlardan has köp ýer tutýan we agyr monitorlary 1980-nji ýyllarda ulanylyp başlandy. Wakuum turba monitory , LCD monitorlar yň telewizorlaryň peýda bolmagy bilen, häzirki wagtda ulanylýan ýer ep-esli azaldy.

CD’ler we DVD’ler

Aslynda, gaty yza gitmäge gerek däl. Ýakyn wagta çenli her kimiň kompýuterlerimizde CD / DVD okyjy bardy şol ýerden oýnajak oýunlarymyzy ulanyp bilerdik we tomaşa etjek filmlerimizi we wideolary DVD playerlerde görüp bilerdik. Wagtyň geçmegi bilen faýllaryň ululyklary ulaldy we Blu-Ray diskleri indi bazara çykdy. Indi, kompýuterleriň köpüsinde CD / DVD okaýjysyny goýulmaýar. DWD playerlerde hem durmuşymyzdan ýitip barýar.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top